Eýran
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
| |||||
| Paýtagt | Tähran | ||||
| Prezident | Masut Pezeşkiýan | ||||
| Dil | Parsça | ||||
| Wagt | UTC +3.30 | ||||
| Telefon kod | +98 | ||||
| Internet TLD | .ir | ||||
Eýran Yslam Respublikasy (pars. جمهوری اسلامی ایران — Jämhuriýe Eslamiýe Iran, şeýle hem Eýran (pars. ایران, [ʔiˈɾɒn] ýa-da Persiýa) — Aziýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän döwlet. Paýtagty — Tähran şäheri.
Meýdanynyň ululygy boýunça dünýäde 16-njy orunda durýar. Ýurduň araçäkleriniň umumy uzynlygy 6420 km. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Yrak (Kurdistan welaýaty), Türkiýe, Azerbaýjan bilen araçäkleşýär.
Ilaty we şäherleri
[düzet | çeşmäni düzet]Ilaty 82'011'700 adamdan gowrak bolup, şonuň 71 %-ti şäherlerde ýaşaýar. Paýtagty Tähran şäheri (7,1 millliondan gowrak). Paýtagtda ýurduň 10 prosentden gowrak ilaty jemlenendir. Esasy şäherleri Yspyhan, Şiraz, Nişapur, Abadan, Kum, Bender-Abbas, Maşat. Ilatyň artyş depgini 4 %-te golaý. Çaklamalara görä, 2015-nji ýyla çenli Eýranyň ilatynyň 78 mln adama ýetmegi mümkin. Ýaş sostawy boýunça Eýran dünýäniň iň ýaş ýurdy hasaplanýar (ilatyň 50 %-ni 15 ýaşa çenli etginjekler düzýär). Ilatynyň 99,5 %-ti musulmanlardyr.
İçeri we daşary syýasaty
[düzet | çeşmäni düzet]Konstitusiýa laýyklykda EYR-yň ykdysady ulgamy döwlet, kooperatiw we hususy pudaklara daýanýar. Döwlet pudagy ykdysadyýetiň agramly bölegini elinde saklaýar. Goranmak senagaty, nebit-himiýa toplumy, metallurgiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň keşigini çekýän pudaklar onuň elinde jemlenendir. Touhid ykdysadyýeti maýanyň bir elde jemlenmegini çäklendirmekde özüni kapitalizmden, döwlet pudagyny çäklendirmekde bolsa sosializmden tapawutly hasaplaýar.
Homeýni daşary syýasatda “Ne